Home » TÜRKMENİSTAN, Yazılar » Biz ruhubelent we sagdyn milletdiris

Biz ruhubelent we sagdyn milletdiris

«Sagdyn durmuş ynsany bezeýär, çünki saglyk bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr»—milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasa ýugrulan bu sözleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, şu ýörelgeler esasynda ruhy taýdan baý we sagdyn ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen maksatlarynyň düýp many-mazmunyny we belent ynsanperwerligini beýan edýär.

Türkmenler gadymdan bäri sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, saglygyň gadryny bilýän halkdyr. Hut şonuň üçin hem körpelerden başlap, uly adamlara çenli ildeşlerimiziň ählisi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda professional sporty, şeýle hem köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny ruhubelentlik bilen kabul edýärler. Mähriban Diýarymyzda bolsa adam döwletiň baş baýlygy diýlip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz—Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy sagdyn durmuşy ileri tutmak bilen, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Türkmen Lideri Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň iň ýokary sylagyna—Hormat ordenine mynasyp boldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Bütindünýä karate federasiýasy tarapyndan berlen gara guşagyň altynjy danynyň eýesidir we düýn belli bolşy ýaly, «Karate-do» Bütinýapon Federasiýasynyň hormatly agzasydyr.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze saglygy goraýyş we sport desgalarynyň, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň, stadionlaryň, aýlawlaryň, awtodromlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň giňden gurulmagy we öňden barlarynyň durkunyň täzelenmegi hormatly Prezidentimiziň bu ugurda ägirt uly işleri amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Aşgabadyň eteginde döredilen çagalaryň dynç alyş we sagaldyş «şäherçesi» we Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilýän halkara deňiz şypahanasy—»Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu strategiýanyň aýdyň miweleridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde 75 müň orunlyk sport mekdepleriniň 200-den gowragyny, sport desgalarynyň 100-den gowragyny gurmak we häzir hereket edýän sport desgalarynyň 70-siniň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.

Olimpiýa şäherçesi bilen baglanyşykly taslamanyň durmuşa geçirilmegi möhüm sosial maksatnamany amala aşyrmaga uly goşant bolar. Şol taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirildi. Bu täsin we Merkezi Aziýadaky iň uly toplumlaryň biri islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge niýetlener. Toplumda sport desgalarynyň otuza golaýy bolar. Ol türkmen sportçulary üçin okuw-türgenleşik merkezine, ýurdumyzyň sportsmenlerini we milli komandalary iri halkara ýaryşlaryna hem-de bäsleşiklerine taýýarlamak üçin oňat baza öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwletimiz mundan beýläk hem raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, beden taýdan sagdyn, zähmetsöer ýaşlary terbiýelemek, köpçülikleýin bedenterbiýe—sport we olimpiýa hereketini ösdürmek, türkmen sportçylarynyň halkara ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi we özleriniň ýeňişleri bilen ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrmagy üçin olara iň amatly şertleri döretmek babatda ähli tagallalary eder.

Şeýle syýasatyň ilkinji üstünlikleri eýýäm şu ýyl ýüze çykyp başlady. Mysal üçin, GDA ýurtlarynyň we Baltiýanyň çempionlarynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň çempiony, HTTU topary iň güýçli komandalaryň dörtlügine girdi. Ýaňy-ýakynda bolsa ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysy ähmiýeti boýunça yklymda ikinji orunda durýan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çagyryş kubogy ugrundaky ýaryşda ilkinji gezek finala çykdy we bu baýrak ugrunda 2012-nji ýylda geçiriljek bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini gazandy.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglyk gününiň döwlet baýramçylyklarynyň sanawyna türkmen Lideriniň başlangyjy bilen girizilendigini nygtamak gerek. Uzak wagtlap milli saglygy goraýyş ulgamyna baştutanlyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda «Saglyk» döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň netijesinde diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda iň häzirki zaman hassahanalarynyň ençemesi, şeýle hem ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän keseli anyklaýyş we bejeriş merkezleri ulanylmagy berildi. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýerli derman otlarynyň esasynda önümleri öndürýän fabrikleriň we kärhanalaryň birnäçesi guruldy, mähriban diýarymyzyň ähli ýerinde ýokary hilli agyz suwuny çykarýan zawodlar işe girizildi. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk edip, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýaly möhüm meseleler boýunça halkara seminarlaryny we beýleki forumlary yzygiderli geçirýär.

Häzir täze Galkynyş zamanasynyň aýdyň ýoluna düşen, ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk we ynsanperwerlik däpleri boýunça ýaşaýan türkmen halky parahatçylyk, döredijilik we sosial ösüş syýasatyny amala aşyrýar. Ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Olar jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Milletiň şöhratly taryhyna täze üstünlikler we ajaýyp wakalar altyn harplar bilen ýazylýar.

Täze Galkynyş eýýamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ilkinji Umumymilli spartakiada sport senenamasynyň we ýurdumyzyň tutuş jemgyýetçilik durmuşynyň iň ähmiýetli we ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Şol spartakiada geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, «Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilýän bu ýaryşlara umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň we edaralaryň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň komandalary gatnaşýarlar.

Sportçylaryň we sagdyn dynç almagy halaýanlaryň arasynda şeýle köpçülikleýin ýaryşlaryň her ýyl geçirilmegi Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketini iş ýüzünde goldaýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde habar berişleri ýaly, welaýatlaryň her birinde Spartakiadanyň çäklerinde eýýäm ýaryşlar geçirildi. Şol ýaryşlara sagdyn durmuşy halaýanlaryň ýüz müňlerçesi gatnaşdy. Ýaryşlar ähli ýerlerde guramaçylykly we ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Şunda sport komitetleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, häkimlikleriň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň goşandy uludyr.

Umumybilim berýän, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň komandalarynyň arasyndaky ýaryşlar tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Olarda kiçi futbol, ýeňil atlektika we basketbol boýunça iň güýçlüleri ýüze çykaraýmak galdy. 10-njy martda bolsa Spartakiadanyň final ýaryşlary başlanar, olar üç tapgyrda geçiriler. Ilki bilen 10 günüň dowamynda sportuň 9 görnüşi—futzal, basketbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atlektika, suwda ýüzmek, milli göreş, tennis we küşt boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň toparlary medallar ugrunda bäsleşerler. Soňra, 20-28-nji mart aralygynda sportuň şol görnüşleri boýunça beýleki ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri güýç synanyşar. 29-nji martdan 4-nji aprele çenli bolsa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlary bäsleşerler. Mälim bolşy ýaly, Spartakiadanyň ýeňijileri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite baýragy döredildi.

Şeýlelikde, ýakyn wagtda sportuň köp sanly muşdaklary umumymilli bäsleşikde ýeňiş gazanmak ugrundaky çekeleşikli ýaryşlaryň şaýatlary bolarlar. Şol ýaryşlar paýtagtymyzyň sport meýdançalarynda geçiriler. Öňümizdäki bäsleşikler sportçylar üçin bolsa ýeňişlere we rekordlara barýan ýolda özlerini görkezmäge ajaýyp mümkinçilik bolar.

Gürrüňsiz, öňümizdäki aýgytlaýjy ýaryşlar täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda adam, onuň saglygy we milletiň abadançylygy hakdaky aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşulandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Qaynaq: TDH, 05.03.2010

Oxunma sayı: 1174
Paylaş/Saxla

Yorum yazabilirsiniz

© 2008-2012. Tüm hakları saklıdır. www.YALQUZAQ.com · RSS · Yalquzaq.com için yeniden düzenleme: Azer Hasret · Destek: WordPress
%d bloggers like this: