Baş Bet » Haberler, Türkmenistan » Gündogar Türkmenistan medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşygynda

Gündogar Türkmenistan medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşygynda

Şu gün Türkmenistanda «Gündogar Türkmenistanyň mirasy orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Wekilçilikli forum Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we howandarlygynda geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Lebap welaýatynyň häkimligi guraýar.

Gündogar Türkmenistan ylmyň we medeniýetiň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine täsir eden gadymy ojaklarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň barlagçylarynyň çynlakaý üns berýän ýeridir. Häzirki foruma giň halkara ylmy toparlarynyň wekilleriniň—dünýäniň otuz ýurdundan taryhçylaryň, arheologlaryň, filosoflaryň, medeniýeti öwrenijileriň, edebiýatşynaslaryň, dilçileriň, saz öwrenijileriň we lukmanlaryň gatnaşmagy munuň aýdyň tassyklanmasydyr.

Türkmenistan döwletiniň ösüşiniň hil taýdan täze tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan progressiw reformalar syýasaty geçen eýýamlaryň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek, şeýle hem köptaraplaýyn ylmy halkara alyş—çalyşy üçin giň mümkinçilikleri açdy. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň dünýäniň taryhy-medeni mirasyndaky ornuny kesgitlemek, ony çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmek häzirki halkara maslahatynyň esasy maksatlarynyň biriniň bolmagy doly kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Maslahat Lebap welaýatynda geçirilýär, welaýatyň territoriýasynda bir mahallar bu ýerde ýerleşen döwletiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýän özboluşly arheologiýa desgalary we taryhy-arheologiýa ýadygärlikleri ýerleşýär. Foruma gatnaşyjylara Astanababanyň we Alamberdaryň kümmetleri, şeýle hem Daýahatyn kerwensaraýy we Amul galasy ýaly orta asyr binagärçiliginiň genji—hazynalaryna baryp görmäge mümkinçilik berler, şol kümmetler bolsa häzirki wagta çenli hem dindarlaryň köpüsi üçin zyýarat edilýän ýer bolmagynda galýar.

Maslahatyň bäş seksiýasynyň işiniň barşynda halkara ylmy toparlaryň wekilleri Gündogar Türkmenistanyň edebi—ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere gararlar. Özboluşly arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak we dikeltmek meseleleri hem giňden ara alnyp maslahatlaşylar, orta asyrda ýaşap geçen türkmenleriň söwda hem-de medeni aragatnaşyklary hakyndaky habarlar diňlener.

Türkmenabat şäheri iri halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary ilkinji gezek kabul eder we şonuň üçin hem ony guraýjylar foruma gatnaşyjylaryň gadymy Lebap topragynda bolmaklarynyň olaryň hakydasynda uzak wagtlap galmagy üçin mümkin bolan ähli çäreleri gördüler. Baý medeni maksatnama taýýarlandy, ol daşary ýurtly myhmanlary täze Galkynyş eýýamynda Lebap welaýatynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrar.

Qaynaq: TDH, 09.03.2010

Oxunma sayı: 26

Yorum yazabilirsiniz