Home » Haberler, TÜRKMENİSTAN » Daşoguzuň mukaddeslikleri halkymyzyň gymmatly baýlygydyr

Daşoguzuň mukaddeslikleri halkymyzyň gymmatly baýlygydyr

AshgabatGurban baýramy mynasybetli milli ruhy mukaddesliklere zyýarat edýän türkmen zyýaratçylary şu gün Köneürgenç bilen tanyşmagy dowam etdirip, bu ýerde ýerleşýän Döwlet taryhy-medeni goraghana bardylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bütin dünýäde meşhur arhitektura ýadygärliklerine — meşhur minara, Gutlug-Temiriň, Törebeg hanymyň, Tekeşiň, Il Arslanyň, Seýit Ahmediň kümmetlerine we Kyrk molla galasyna baryp gördüler, şeýle hem beýleki täsin ýerlere syn etdiler. Orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen binagärleriniň döreden bu ajaýyp ýadygärlikleri diňe bir milli medeniýetiň däl, eýsem dünýä medeniýetiniň ykrar edilen gymmatlyklary hasaplanylýar. 2005-nji ýylda gadymy Köneürgenç ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Şol gün zyýaratçylar Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýän, halk arasynda uly sarpa goýulýan ýene-de bir mukaddeslige — Aşyk Aýdyň Piriň kümmetine baryp gördüler, şol ýerde aýat-doga okadylar.

Mälim bolşy ýaly, Aşyk Aýdyň Pir aýdymçylaryň we sazandalaryň piridir. Şonuň üçin hem onuň kümmeti döredijilik adamlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Halk arasynda meşhur bolan «Nejep oglan» dessanynda Aşyk Aýdyň özüniň okuwçysyna ak pata berip, oňa jadyly dutary sowgat berýär. «Görogly» eposynda Aşyk Aýdyň baş gahrymanyň dostuna — demir ussasynyň ogly Kereme saz sungatynda we aýdym aýtmakda halypalyk edýär. Bu bolsa oňa özüne öýlenjek ýigitleriň ählisinden üstün çykan pälwan gyz Harmandälä öýlenmäge kömek berýär. Bu ýerde, mawzoleýiň golaýynda zyýaratçylar ýaş sosna nahallaryny oturdyp, täze seýilgähiň düýbüni tutdular.

Aşyk Aýdyň Piriň kümmetiniň golaýynda dünýäde ilkinji türkmen dutaryna ýadygärlik gurlandygy bellärliklidir. Mundan başga-da, meşhur dessançylaryň çykan ýeri bolan Daşoguz welaýatynda halk sazandalarynyň we dessançylaryň gadymy sungatyna bagyşlanan Bagşylaryň muzeýi döredildi.

Zyýaratçylar şeýle hem täze Ruhubelent etraby bilen tanyşmaga hem-de täze taryhy eýýamda Şasenem düzlügini gurşap alan ägirt uly özgerişlikleri öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar.

Qaynaq: TDH

Oxunma sayı: 1944
Paylaş/Saxla

Yorum yazabilirsiniz

© 2008-2012. Tüm hakları saklıdır. www.YALQUZAQ.com · RSS · Yalquzaq.com için yeniden düzenleme: Azer Hasret · Destek: WordPress
%d bloggers like this: