"Biz ki Melik-i Turan, Emîr-i Türkistan'ız, Biz ki Türk oğlu Türk'üz,
Biz ki milletlerin en kadîmî ve en ulusu Türk'ün başbuğuyuz!"
EMİR TİMUR

Türkmenistan Respublikasy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Demirgazykda we demirgazyk-gündogarda Gazagystan we Özbegistan respublikalary, günortada we günorta-gündogarda Eýran we Owganystan yslam respublikalary bilen serhetleşýär, ýurduň günbatary Hazar deňziniň kenaryna utgaşýar.

Ýurduň meýdany 491,2 inedördül kilometre barabardyr. Türkmenistanyň meýdanynyň uzynlygy günortadan demirgazyga – 650 kilometre, gündogardan günbatara – 1100 kilometre barabardyr. Türkmenistanyň demirgazyk we merkezi bölegini Turan çöketliginiň çägelik çöllügi – Merkezi, Üňüzaňyry we Günorta-Gündogar Garagum eýeleýär. Ýurduň günorta we günorta-gündogaryny daglyk tutýar. Türkmenistanyň iň beýik nokady Köýtendagda (3139 metr) ýerleşýär. Türkmenistanyň iň pes nokady (- 81 m) – Akjagaýa düzlügidir.

Türkmenistanyň çäklerinde gadymy söwda ýollarynyň kesişip geçendigi taryhdan belli bolup, şolaryň biri hem „Beýik Ýüpek ýoludyr“.

Kenarýaka zolagyndan beýleki ýerlerde Türkmenistanyň düýpli üýtgeýän kontinental howasy bardyr.

Howanyň ýylyň dowamyndaky ortaça temperaturasy Türkmenistanyň demirgazyk düzlük böleginde 12-17°C aralygynda, günorta-gündogarynda 15-18°C aralygynda üýtgeýär. Iň sowuk aý – ýanwar aýy. Ýurduň düzlük ýerlerinde tomus juda yssy we gurak gelýär (iýul aýynda howanyň ortaça temperaturasy 32°C-dan hem geçýär).

Ygalyň ortaça ýyllyk möçberi 95 millimetrden (Garabogazgol aýlagy) dagda we dag eteklerinde 398 millimetre baryp ýetýär.

1881-nji ýylda düýbi tutulan Aşgabat Köpetdagyň eteginde ýerleşip, ýurduň iň iri şäheridir.

Dolandyryş-hukuk statusy boýunça welaýat derejesi bilen deňleşdirilen paýtagt bäş etraba bölünýär: Azatlyk, Köpetdag, S.A.Nyýazow adyndaky, Çandybil we Arçabil etraplary.

Aşgabat ýurduň dolandyryş, senagat, medeni we ylmy merkezidir. Bu ýerde bilim, ylym we aň zähmeti bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilip, ulag we aragatnaşyk, hyzmat we söwda ulgamlary, myhmanhana telekeçiligi we dynç alyş – şowhunlar pudagy ösen derejededir.

Bu gün ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat türkmen topragyna gadam basan myhmanlary özüniň kaşaň ymaratlary – edara binalary we ýaşaýyş jaýlary, muzeýleri, teatrlary, ýokary derejeli myhmanhanalary, baglarydyr seýilgähleri, başy howalaly ýadygärlikleri bilen haýran galdyrýar.

Aşgabat şäheriniň çäklerinde gaýtalanmajak arhitektura sazlaşygyny döredýän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň, ýokary amatlykly, otaglarynyň ýerleşişi has oňaýly bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-medeni häsiýetli beýleki desgalaryň giň hatary guruldy.

2008-nji ýylda Aşgabadyň gözel künjekleriniň ýene biri – dünýäde iň beýik flagştok Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Bu belent flagştokda watansöýüjiligiň, ahlaklylygyň, türkmen halkynyň buýsanjynyň we ar-namysynyň, onuň täze Galkynyşlar zamanasynyň nyşany – Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy mawy asmanyň ümmülmez giňişliginde buýsanç bilen pasyrdaýar. Ägirt uly göwrümli Tugumyzyň uzynlygy 52,5 metr, ini 35 metr bolup, agramy 420 kg barabardyr.

Türkmenistanyň edara ediş taýdan ýerli gurluşy bäş welaýatdan (Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary) ybarat bolup, olaryň her biri öz nobatynda etraplara bölünýärler. Türkmenistanda 50 etrap, 16 şäher, 9 sany etrabyň çägindäki şäher, 77 şäherçe, 565 geňeşlik (oba dolandyryş düzümleri) we 1937 sany oba ilatly ýerleri bardyr.

Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabat şäherinden beýleki şäherleriň ählisi özleriniň ýerleşýän welaýatlarynyň dolandyryş tabynlygyna degişlidirler.

Türkmenistan – köpmilletli döwlet. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň esasy bölegi türkmenlerden ybarat.

Döwlet dili bolan türkmen dili türki diller toparyna degişlidir.

Hökmany üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik kanun taýdan kesgitlenen.

Türkmenistanyň çäklerinde iň köp ýaýran din yslam dinidir. Ýurduň ähli künjeklerinde metjitler bolup, olaryň iň irileri Aşgabatda, Gökdepede we Gypjakda ýerleşendir. Musulman metjitleri bilen bir hatarda ýurtda beýleki dinleriň ybadathanalary hem hereket edýär.

Döwlet diniň we dini-ygtykady berjaý edilişiniň azatlygyny we olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr we döwlet işiniň ýöredilişine goşulmaýarlar. Döwlet bilim ulgamy dini guramalardan çetleşdirilip, dünýewi häsiýete eýedir.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet. Döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.

Döwletiň Esasy kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet gurluşy özbaşdak we birek-birege deňhukuklylyk döredýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgesine esaslanýar.

Türkmenistanyň özbaşdaklygynyň we döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi halkdyr.

Dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukuk kadalarynyň artykmaçlygyny ykrar edýän Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmakdan ýüz öwürmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar.

Türkmenistan kanun esasynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasynda: “1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; 2. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga hem-de ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bütewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.”. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.

Ýurtda iň ýokary wezipeli adam, döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany Türkmenistanyň Prezidentidir. Ol Türkmenistanyň Hökümetine – Ministrler Kabinetine hem ýolbaşçylyk edýär.

Prezident Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipesini ýerine ýetirip, ilçileri we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlerini wezipä belleýär.

Türkmenistanyň Mejlisi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan iň ýokary wekilçilikli edaradyr.

Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar ýerli saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanylýar. Mejlis kanunlary kabul edýär, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Ministrler Kabineti (Hökümet) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr. Ministrler Kabinetiniň düzümine onuň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar hem girizilip bilner.

Ministrler Kabineti Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar.

Ýerine ýetiriji häkimlik welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda häkimler tarapyndan amala aşyrylýar.

Kazyýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam-ygtykadyna gollanýarlar.

2007-nji ýylyň 11 fewralynda ähliumumy saýlawlar arkaly Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlanyldy. Prezident

Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda dünýä indi. Türkmeistanyň Lukmançylyk institutyny 1979-njy ýylda tamamlap, ýokary bilim aldy. Ylymlaryň doktory, professor.

Zähmet ýoluna 1979-njy ýyl başlady. Bu pursatdan başlap, tä 1997-nji ýyla çenli ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi: mugallym, terapewtiki diş bejeriş kafedrasynyň dosenti, diş bejeriş fakultetiniň dekany, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Diş bejeriş Merkeziniň direktory. 1997-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek baradaky Döwlet gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň ýerine ýetiriji rektory wezipelerine bellenilýär.

2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellenýär. 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi edilip bellenildi. 2007-nji ýylyň 11 fewralynda ähliumumy saýlawlaryň netijesinde, 5 ýyl möhlet bilen Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi.

Qaynaq: turkmenistanembassy.com.tr


Oxunma sayı: 0
Share